Türkmenistan Astrahanda geçirilen halkara ulag forumyna gatnaşdy

31 Oktýabr 2023
534

Golaýda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi.

Forumda Türkmenistandan başga-da, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Pakistan, BAE ýaly ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar we logistika pudagy we ilkinji nobatda, «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.