Ählumumy energetikanyň şu güni we geljegi

31 Oktýabr 2023
613

«ýaşyl» ösüşe, birleşen tagallalara baglydyr

Ýurdumyzda indi 28-nji gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forum energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara syn bermek we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozal bar bolan nebitdir gaz känlerini işläp geçmek, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Forumda çykyş edenler dünýäniň 46 döwletinden nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň 700-den gowragyny paýtagtymyzda jemlän bu giň gerimli çäräniň ählumumy energetikanyň häzirki ýagdaýydyr geljegine baha bermek nukdaýnazaryndan barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, geografiýasyny yzygiderli giňeldýändigini biragyzdan tassykladylar.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».