Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklar berkidilýär

30 Oktýabr 2023
604

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri 1990-njy ýylda Aşgabat bilen  doganlaşan Albukerke şäherinde geçirildi. Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kahon şäherleriniň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bu şäherlerde 31-nji awgusty «Türkmenistanyň güni» diýip yglan etmek hakynda Jarnamanyň  kabul edilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.

«Watan».