Işewürlik gatnaşyklarynda täze mümkinçilikler

31 Oktýabr 2023
529

Gahryman Arkadagymyz döwletimize baştutanlyk eden ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen döwlet we milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ykdysady özgertmeleriň depginini artdyrmakda hususy ulgamyň işine aýratyn ähmiýet berdi. Milli Liderimiziň «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen sözleri bolsa türkmen hususyýetçileriniň göwnüni galkyndyryp, täzeçe işlemäge hyjuw döretdi. Şunda daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlarda Hökümet wekiliýetiniň düzümine telekeçileri hem goşmak däbi ýola goýlup, munuň özi işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli başlangyç boldy. Bu günki gün şol asylly başlangyçlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Şol sapara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürler hem gatnaşdylar. Ýokary derejede guralýan şeýle saparlar özara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ankarada geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak möhüm waka boldy.

Berdimyrat GARLYÝEW,
«Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktory.