Türkmen-türk işewürlik maslahaty özara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy

29 Oktýabr 2023
486

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçilikler  döredilýär. Şunda iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklaryny hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek esasy şertleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlary, şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygynyň aýdyň görkezijisidir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.