Beýik şahyryň belent sarpasy

31 Oktýabr 2023
720

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletimiziň halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem dostluk temasy mynasyp beýanyny tapýar. Şahyryň adamlary dostluga, agzybirlige çagyrýan ündewleri bu gün türkmen döwletinde wysal tapýar.

Hormatly Prezidentimiz doganlyk Türkiýä saparynyň barşynda akyldar şahyryň Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähindäki görnükli ýadygärligine hem gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu ýagdaý bizi has-da buýsandyrdy. Şahyryň şeýle heýkelleriniň Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan şäherinde, Özbegistanda, Ukrainada hem bardygyny bellemek aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Heýkel — belent hormatyň ebedileşdirilmegi. Magtymguly Pyragy hem bakylygyň şahyrydyr. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda örän çeper beýan etdi. Ýeri gelende bellesek, Ankara uniwersitetinde «Magtymgulyny öwreniş» dersiniň okadylýandygy hem guwandyryjydyr.

Annajahan ÖKÜZOWA,
Aşgabat şäherindäki 102-nji orta mekdebiň müdiri.