"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda sebit hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy. Çäräni döredilen senesine 15 ýyl bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi gurady. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň orunbasary Markus Potsel dagy gatnaşdy. Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň işjeň gatnaşmagynda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine

Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady. Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň bäşinji maslahaty ýurtlary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň çäklerinde geçirildi. Onuň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklaryny, sebitiň döwletleriniň hökümetleri üçin ylalaşykly ugurlar boýunça umumy wajyp çemeleşmeleri, anyk teklipleridir başlangyçlary işläp taýýarlamaklaryny gazanmakdan ybarat boldy. Bu gezekki duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halk

Netijeli duşuşyk geçirildi

Ge­çen an­na gü­ni Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Kons­tan­tin Ko­saç­ýo­wyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz myh­man bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, ta­rap­lar üçin gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi uly ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­la­ry ar­zuw et­di.

Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklar

13-14-nji dekabrda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ýola goýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Biz muňa Türkmenistanyň Azerbaýjan hem-de Türkiýe Respublikalary bilen üçtaraplaýyn görnüşde ýola goýan hyzmatdaşlygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, maksatlarymyzyň umumylygyna esaslanmak bilen birlikde, üç döwlet üçin hem özgerýän geoykdysady giňişlikde milli bähbitleri goramagyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär.

Eýranyň Russiýa eksport ugurlaryna ýene 3 sany deňiz porty goşuldy

Eýranyň Russiýa eksport ugruna Astrahanda ýerleşýän Salýanka portundan başga-da, ýene 3 sany deňiz söwda portlary — Mahaçkala, Olýa we VTS goşuldy. Eýran Yslam Respublikasynyň ýük daşalýan ugurlary daşalýan ýüküň mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu karara ýükleri ýüklemek we düşürmek amallaryny çaltlaşdyrmak we Russiýanyň portlaryna ýük daşamagy artdyrmak maksady bilen gelindi.

Halkara maslahat

 «7/24. tm», № 50 (133) 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Bitarap Türkmenistan: ösüş arkaly parahatçylygyň beýik nusgasy» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhyna, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, sport, ylym ulgamlarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergä hem-de aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz daşary syýasatda uly üstünlikler gazanýar. Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň düzüm birlikleriniň birnäçesiniň agzalygyna, şol sanda ýolbaşçy derejedäki wezipelerine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň Ilat gaznasy bilen hem has işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň Ilat gaznasy 1967-nji ýylyň iýulynda döredildi. Onuň wezipesi erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň sagdyn durmuşa bolan birmeňzeş hukuklaryny goramak üçin birmeňzeş mümkinçilikleri üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin hem bu halkara gurama enäniň we bäbegiň saglygy, ýaşlaryň reproduktiw saglyk boýunça hyzmatlara elýeterliligi, gender deňligi, maşgalany meýilleşdirmek boýunça gullugy kämilleşdirmek, durnukly ösüş bilen bagly tagallalary goldamaga gönükdirilen ilat boýunça syýasaty işläp taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýar.

Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçileri ýurdumyzda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisinde duşuşyk

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine oňyn baha berip, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem täze itergi bermäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistana göni Stambul — Aşgabat ugry boýunça we yzyna yzygiderli gatnawlary amala aşyryp başlady. Bu barada "Turkmenportal" web saýtynda habar berilýär. Uçuşlar togtadylandan bäri (2020-nji ýylyň mart aýynda) «TK322» reýsi ilkinji gezek Stambuldan Aşgabat şäherine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli salam ýetirip, iň oňat arzuwlaryny beýan etmek bilen, parlamentara dostluk toparynyň başlygy Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem myhman Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.

Milli Geňeşiň Mejlisinde duşuşyk

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine oňyn baha berip, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem täze itergi bermäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder

Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.   Rus demir ýollarynyň ýolbaşçysy Oleg Belozerow we “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow 2023-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistan — Azerbaýjan: döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Ikiçäk duşuşykda myhman Azerbaýjanyň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hem iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek gatnaşyklarynyň, medeniýetiň we diliň umumylygynyň birleşdirýändigini nygtap, azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleriň hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklere çuň many-mazmun, özara düşünişmek, doly ynanyşmak ýagdaýy, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk mahsusdyr.

Türkmenistan — ABŞ: işewürlik, öňdebaryjylyk, täzeçillik

5-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi. Söhbetdeşler şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolandygyny belläp, geçen döwürde oňyn döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda, maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini görkezýärler. Ýeri gelende bellesek, «Nicklaus Companies» kompaniýasy Aşgabatda golf klubuny gurmak boýunça iň oňat dünýä tejribesine esaslanan özboluşly taslamany amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň «UGT Renewables» kompaniýasynyň işewürler geňeşi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat d

Parlamentarizm — dostluk köprüsi

Häzirki wagtda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň many-mazmuny baýlaşdyrylyp, täze sepgitlere çykaryldy. Muny 7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen bolan duşuşygy hem nobatdaky gezek tassyklady. TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE GIŇ MÜMKINÇILIKLER BAR

Söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär

5-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýändiklerini nygtap, Gahryman Arkadagymyz geçen ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz işewürleriň arasynda söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda uly işleri alyp barýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň eýeleýän uly orny aýratyn bellenildi. Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çemeleşmeler beýan edildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, açylýan mümkinçilikler, bilelikde üstünlikli işlemegiň köpýyllyk tejribe

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik

5-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk eden wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing» ýaly kompaniýalar we beýlekiler üstünlikli işleýärler. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan guralýan yzygiderli işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.