Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri

10 Dekabr 2022
435

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz daşary syýasatda uly üstünlikler gazanýar. Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň düzüm birlikleriniň birnäçesiniň agzalygyna, şol sanda ýolbaşçy derejedäki wezipelerine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň Ilat gaznasy bilen hem has işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

BMG-niň Ilat gaznasy 1967-nji ýylyň iýulynda döredildi. Onuň wezipesi erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň sagdyn durmuşa bolan birmeňzeş hukuklaryny goramak üçin birmeňzeş mümkinçilikleri üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin hem bu halkara gurama enäniň we bäbegiň saglygy, ýaşlaryň reproduktiw saglyk boýunça hyzmatlara elýeterliligi, gender deňligi, maşgalany meýilleşdirmek boýunça gullugy kämilleşdirmek, durnukly ösüş bilen bagly tagallalary goldamaga gönükdirilen ilat boýunça syýasaty işläp taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýar.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.