Türkmenistan — Azerbaýjan: döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

9 Dekabr 2022
348

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi.

Ikiçäk duşuşykda myhman Azerbaýjanyň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hem iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek gatnaşyklarynyň, medeniýetiň we diliň umumylygynyň birleşdirýändigini nygtap, azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleriň hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklere çuň many-mazmun, özara düşünişmek, doly ynanyşmak ýagdaýy, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk mahsusdyr.

"Nesil".