Milli Geňeşiň Mejlisinde duşuşyk

10 Dekabr 2022
421

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine oňyn baha berip, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem täze itergi bermäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.