Türkmenistan — ABŞ: işewürlik, öňdebaryjylyk, täzeçillik

9 Dekabr 2022
413

5-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Söhbetdeşler şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolandygyny belläp, geçen döwürde oňyn döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda, maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini görkezýärler. Ýeri gelende bellesek, «Nicklaus Companies» kompaniýasy Aşgabatda golf klubuny gurmak boýunça iň oňat dünýä tejribesine esaslanan özboluşly taslamany amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň «UGT Renewables» kompaniýasynyň işewürler geňeşi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

"Nesil".