Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklar

11 Dekabr 2022
410

13-14-nji dekabrda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ýola goýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Biz muňa Türkmenistanyň Azerbaýjan hem-de Türkiýe Respublikalary bilen üçtaraplaýyn görnüşde ýola goýan hyzmatdaşlygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, maksatlarymyzyň umumylygyna esaslanmak bilen birlikde, üç döwlet üçin hem özgerýän geoykdysady giňişlikde milli bähbitleri goramagyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär.

Begmyrat ATAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy..