Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda sebit hyzmatdaşlygy giňeldilýär

12 Dekabr 2022
404

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy. Çäräni döredilen senesine 15 ýyl bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi gurady. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň orunbasary Markus Potsel dagy gatnaşdy.

Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň işjeň gatnaşmagynda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berildi. Soňky ýyllarda Owganystany we onuň dostlukly halkyny işjeň çekmek arkaly sebitde ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar giňeldildi.