Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder

10 Dekabr 2022
377

Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.  

Rus demir ýollarynyň ýolbaşçysy Oleg Belozerow we “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow 2023-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamasyna gol çekdiler.