Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

10 Dekabr 2022
686

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli salam ýetirip, iň oňat arzuwlaryny beýan etmek bilen, parlamentara dostluk toparynyň başlygy Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem myhman Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.