Söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär

9 Dekabr 2022
428

5-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýändiklerini nygtap, Gahryman Arkadagymyz geçen ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz işewürleriň arasynda söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda uly işleri alyp barýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň eýeleýän uly orny aýratyn bellenildi. Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çemeleşmeler beýan edildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, açylýan mümkinçilikler, bilelikde üstünlikli işlemegiň köpýyllyk tejribesi hem-de ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlary nazara alnyp, Türkmenistanda amala aşyrylýan täze taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.

«Nesil».