"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Hoşniýetli goňşuçylyk — jebisligiň nusgasy

Şatlykly wakalara, şanly senelere baý bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tamamlanyp barýan, täze — 2023-nji ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşy alynýan günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen taryhy duşuşyk — Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze ädim boldy. Diňe bir türkmen halky däl, eýsem, doganlyk azerbaýjan hem-de türk halklary üçin hem örän ähmiýetli bolan bu wajyp wakanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçirilendigini bellemek buýsançly. Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşinde geçirilen sammit gelip çykyşy, ruhy we medeni kökleri bir, däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda meňzeşlikler bolan türki halklaryň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkdigini, mizemez hem dowamlydygyny ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, pikir we tejribe alyşmalar sebit ýurtlarynyň arasynda geljekde syýasy-diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy öňküden-de giňeltmäge mümkinçilik berer.

Arkalaşyk. Dostluk. Ýürekdeşlik

Türkmen wekiliýetiniň Daşkende saparynyň jemlerine Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan günlerinde, has anygy, 10 — 14-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň düzüminde doganlyk Özbegistanda saparda bolmak miýesser etdi. Maksady GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumyna gatnaşmakdan ybarat bolan saparymyzyň dowamynda şaýat bolan wakalarymyz, gören-eşidenlerimiz, täze dostlar, täze tanyşlyklar üýtgeşik täsirleri bagyşlap, dost-doganlyk köprüleriniň binýadyny berkidýän hormatly Prezidentimize, mähriban Watanymyza buýsanjymyzy has-da beýgeltdi.

Pikirler, garaýyşlar

Polat BÜLBÜL OGLY,GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň halk artisti:

Milli gymmatlyklaryň şöhraty äleme dolýar

Türkmen halky — dünýä gaýtalanmajak milli gymmatlyklary bagyşlan halk. Asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnen şol gymmatlyklarymyz bu günki gün ýene bir ýola dünýä derejesinde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň hödürnamasy esasynda türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar hem munuň nobatdaky ajaýyp mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlamagy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemegi hoş habardan göwni ganatlanan ildeşlerimizi has-da guwandyrdy.

Üç döwlet — bir maksat (Ýaş žurnalistiň sözi)

Dili, dini, medeniýeti, taryhy, şu güni, geljegi bir bolan doganlyk ýurtlar. Ýogsa-da, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň umumylyklaryny sanaýan sanawyň soňuna çykmak mümkin däl. Bu üýtgewsiz hakykat. Üç doganlyk halkyň maksady bir — ählumumy abadançylyk. Muny ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn sammit hem dolulygyna tassyklady. Mälim bolşy ýaly, 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Sammitiň gün tertibiniň esasy mowzuklary üç ýurduň arasyndaky ulag-logistika, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmek boldy. Elbetde, häzirki zaman dünýäde bu derwaýys ulgamlaryň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Näme üçin?! Çünki dünýä ykdysadyýetinde ulag-logistika, energetika ulgamlarynyň paýy uly. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan sebitiň, asyl-ha, dünýäniň geosyýasy, geoykdysady sahnasynda möhüm orny eýeleýär. Muny näme bilen düşündirip bolar?! Dünýä kartasyny göz öňüne getiriň, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň merkezinde ýerleşmek bilen, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta uzaýan ýollaryň çatrygynda mekan tutan. Ynha, şu hem döwletimize möhüm geoykdysady artykmaçlygy berýär.

Nesilleriň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Geljek üçin gurmak, döretmek, täze taslamalary amala aşyrmak — bu nesilleriň hatyrasyna berk binýady bina etmek diýmekdir. Munuň şeýledigini sanlyja gün mundan ozal goja Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammiti ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Üç doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň dowamynda geljegi nazarlaýan juda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diňe bir Ýewraziýa sebiti üçin däl, eýsem, tutuş dünýä derejeli möhüm, juda strategik syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ýaly möhüm ugurlarda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bularyň ählisi hem gönüden-göni ýaş nesilleriň ykbaly, olaryň röwşen geljegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Howa bilimleri boýunça tejribäni artdyryp

Aşgabat şäheriniň we Lebap, Mary, Balkan welaýatlarynyň gidrometrologlary gidrologiki enjamlary ulanmak boýunça geçirilen amaly okuwa gatnaşdylar. Gysga wagtlyk okuwlar Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş Maksatnamasynyň guramagynda Türkmenabat şäherinde geçirildi. Okuwlar Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma hadysasynyň meýilnamalaşdyrylyşynyň ösüşi» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Türkmen kompaniýalary Alýat erkin ykdysady zolagyndan peýdalanmaga çagyrylýar

Geçen ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan kenarynda Alýat erkin ykdysady zolagynyň düýbi tutuldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Awazada bolan üçtaraplaýyn sammitiň dowamynda bu erkin ykdysady zolagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga Türkmenistanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryny çagyrdy diýip, report.az habar berýär. Azerbaýjan Lideriniň bellemegine görä, Bakuwyň Halkara deňiz porty ýylda 15 million tonna ýüki geçirmäge ukyply bolup, bu möçberi ýylda 25 million tonna ýetirmek boýunça serişdeleri bölüp bermek meýilleşdirilýär. Bu portdan ýükleri Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä tarap geçirmek üçin 2017-nji ýylda Baku — Tbilisi — Kars demir ýol geçelgesi hem açyldy. Bu demir ýol geçelgesiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak üçin hem ýene 100 million dollar gönükdiriler. Şeýlelikde, demir ýol geçelgesiniň ýük geçirijilik mümkinçiligi ýyllyk 1 million tonnadan 5 million tonna çenli ýokarlandyrylar.

«Turkish Airlines» Türkmenistana gatnawlarynyň sanyny artdyrar

«Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrar diýip, «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär. Hususan-da, Stambuldan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sany dörde çenli artar. Hepdede iki gezek bolsa Türkmenbaşy şäherine uçmak mümkin bolar. Şoňa laýyklykda, «Turkish Airlines»-iň Türkmenistana hepdelik uçuşlarynyň umumy sany 6-a çenli artdyrylar. Bu meýilnama 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli güýje girer.

Ählumumy abadançylygyň ygtybarly binýady

9-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl ýurdumyzyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş edendigini hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda bu başlangyjyň goldanylandygyny, şonuň netijesinde «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini buýsanç bilen nygtady. Bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden 20-nji Kararnamasydyr. Munuň özi Halkara Bitaraplyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyny toýlaýan günlerimizde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň we ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi bu abraýly gurama

Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy konteýnerli daşamalaryň artýandygyny belleýär

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, onlarça ýurtlar tarapyndan üstünlikli ulanylýan ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini artdyrmaga  çalyşýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeleriň biri hem, gümrük serhedinde konteýnerli ýük daşamalar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, hukuk esaslary düzgünleşdirildi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, «konteýner» «ulag serişdesi» diýen düşünjä degişli edildi. Ozal «konteýner» sözi «gaýtadan ulanylýan gaplama» manysynda ulanylýardy. 2021-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmagy, konteýnerli halkara ýük daşamalaryň ýeňilleşdirilen tertibini göz öňünde tutýan hukuk esaslary kesgitledi. Bu bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri arkaly ýük daşamaga dünýäniň iri konteýner daşaýan kompaniýalaryny çekmekde ygtybarly şertleri döretdi hem-de ýurdumyzyň ýük daşaýjylar

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýär

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew dekabr aýynda ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty) — Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) multimodal ugry döretmek, şeýle hem ýük daşamakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gyrgyz Respublikasynyň ministri saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, ol ýerde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Gyrgyzystandan başlap, Özbegistanyň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýanyň Astrahan portuna çenli uzalyp gidýän ulag ugrunyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazaryň türkmen kenaryndaky döwletli duşuşyk

«7/24. tm», № 51 (134) Awa­za­da ba­dal­ga ber­len döw­re­bap baş­lan­gyç

Awazada Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Türkiýe gepleşikleri geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri girizildi.

Türk­men-rus ulag gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär

Bü­tün­dün­ýä de­re­je­sin­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk hem-de ata-ba­ba yn­san­per­wer­lik sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz dur­nuk­ly ösüş dep­gin­le­ri bi­len öňe bar­ýar. Türk­men döw­le­ti özü­niň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň çäk­le­rin­de dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len deň­hu­kuk­lyk esa­s­da, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ýar hem-de yzy­gi­der­li ös­dür­ýär. Şol san­da, stra­te­gi­ki hyz­mat­daş bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len hem gat­na­şyk­lar bar­ha berkidilýär we hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar. Ga­dy­my Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze keş­bi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­niň we hal­ka­ra dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­niň çäk­le­rin­de türk­men-rus gat­na­şyk­la­ryn­da hem äh­mi­ýet­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýer­de beý­le­ki yla­la­şyk­lar bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň degişli edarasynyň ara­syn­da ulag we üs­ta­şyr ýük ge­çir­mek hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma hem gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­lar bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň san

Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe: ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammitiň işi we onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler sebitleýin ösüşiň geljegine düýpli täsir etmek bilen, has giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ýol açýan möhüm ädime öwrüldi. Dünýäniň iri habar beriş serişdeleri Ýewraziýa sebitiniň bu kuwwatly üç döwletiniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygyny «Türki dünýäniň üç ägirdiniň sammiti» diýip häsiýetlendirdiler. Elbetde, bu dogry pikir. Ýöne sammitiň geljege ýetirjek täsiri hakynda pikir öwreniňde, onuň öz mazmuny we ähmiýeti boýunça türki dünýäniň çäginden has uzaklara ýaýran duşuşyk bolandygyny aýtmak mümkin. Ýokary derejeli sammiti diňe bir syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetiki, ulag-aragatnaşyk ölçegleri bilen häsiýetlendirmek hem bärden gaýtsa gerek. Dünýäniň şeýle çylşyrymly we dartgynly döwründe ýeňil bolmadyk ýagdaýlar bilen her bir sebitiň, döwletiň ýa-da halkyň ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda geçirilen üç döwletiň Liderleriniň duşuşygynyň gün tertibine ser salnanda, onuň tutuş adamzat üçin örän zerur meselelere bagyşlanandygyny görmek bolýar. Hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşi diňe bir däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandy

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşdylar

2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Şol gün ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldi. Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.