Awazada Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Türkiýe gepleşikleri geçirildi

17 Dekabr 2022
327

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri girizildi.