«Turkish Airlines» Türkmenistana gatnawlarynyň sanyny artdyrar

19 Dekabr 2022
353

«Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrar diýip, «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär.

Hususan-da, Stambuldan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sany dörde çenli artar. Hepdede iki gezek bolsa Türkmenbaşy şäherine uçmak mümkin bolar. Şoňa laýyklykda, «Turkish Airlines»-iň Türkmenistana hepdelik uçuşlarynyň umumy sany 6-a çenli artdyrylar. Bu meýilnama 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli güýje girer.