Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýär

18 Dekabr 2022
358

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew dekabr aýynda ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty) — Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) multimodal ugry döretmek, şeýle hem ýük daşamakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň ministri saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, ol ýerde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Gyrgyzystandan başlap, Özbegistanyň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýanyň Astrahan portuna çenli uzalyp gidýän ulag ugrunyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

çeşme: www.turkmenportal.com