Nesilleriň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

19 Dekabr 2022
358

Geljek üçin gurmak, döretmek, täze taslamalary amala aşyrmak — bu nesilleriň hatyrasyna berk binýady bina etmek diýmekdir. Munuň şeýledigini sanlyja gün mundan ozal goja Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammiti ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Üç doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň dowamynda geljegi nazarlaýan juda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diňe bir Ýewraziýa sebiti üçin däl, eýsem, tutuş dünýä derejeli möhüm, juda strategik syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ýaly möhüm ugurlarda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bularyň ählisi hem gönüden-göni ýaş nesilleriň ykbaly, olaryň röwşen geljegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Çaryaman ILAMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.