Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy konteýnerli daşamalaryň artýandygyny belleýär

18 Dekabr 2022
483

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, onlarça ýurtlar tarapyndan üstünlikli ulanylýan ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini artdyrmaga  çalyşýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeleriň biri hem, gümrük serhedinde konteýnerli ýük daşamalar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar.

Munuň üçin, ilkinji nobatda, hukuk esaslary düzgünleşdirildi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, «konteýner» «ulag serişdesi» diýen düşünjä degişli edildi. Ozal «konteýner» sözi «gaýtadan ulanylýan gaplama» manysynda ulanylýardy. 2021-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmagy, konteýnerli halkara ýük daşamalaryň ýeňilleşdirilen tertibini göz öňünde tutýan hukuk esaslary kesgitledi. Bu bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri arkaly ýük daşamaga dünýäniň iri konteýner daşaýan kompaniýalaryny çekmekde ygtybarly şertleri döretdi hem-de ýurdumyzyň ýük daşaýjylaryna degişli konteýnerler arkaly eksport harytlarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerine amatly usul bilen eltilmegine giň ýol açdy.

çeşme: www.customs.gov.tm