Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe: ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar

17 Dekabr 2022
374

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammitiň işi we onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler sebitleýin ösüşiň geljegine düýpli täsir etmek bilen, has giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ýol açýan möhüm ädime öwrüldi.

Dünýäniň iri habar beriş serişdeleri Ýewraziýa sebitiniň bu kuwwatly üç döwletiniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygyny «Türki dünýäniň üç ägirdiniň sammiti» diýip häsiýetlendirdiler. Elbetde, bu dogry pikir. Ýöne sammitiň geljege ýetirjek täsiri hakynda pikir öwreniňde, onuň öz mazmuny we ähmiýeti boýunça türki dünýäniň çäginden has uzaklara ýaýran duşuşyk bolandygyny aýtmak mümkin. Ýokary derejeli sammiti diňe bir syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetiki, ulag-aragatnaşyk ölçegleri bilen häsiýetlendirmek hem bärden gaýtsa gerek. Dünýäniň şeýle çylşyrymly we dartgynly döwründe ýeňil bolmadyk ýagdaýlar bilen her bir sebitiň, döwletiň ýa-da halkyň ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda geçirilen üç döwletiň Liderleriniň duşuşygynyň gün tertibine ser salnanda, onuň tutuş adamzat üçin örän zerur meselelere bagyşlanandygyny görmek bolýar. Hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşi diňe bir däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin-de giň mümkinçilikleri açýar.

Begenç KARAÝEW.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.