Bütündünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar.
Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklyk esasda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär. Şol sanda, strategiki hyzmatdaş bolan Russiýa Federasiýasy bilen hem gatnaşyklar barha berkidilýär we hil taýdan täze derejä çykarylýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň täze keşbiniň kemala getirilmeginiň we halkara durnukly ulag ulgamynyň döredilmeginiň çäklerinde türkmen-rus gatnaşyklarynda hem ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu ýerde beýleki ylalaşyklar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň degişli edarasynyň arasynda ulag we üstaşyr ýük geçirmek hyzmatdaşlygy barada düşünişmek hakynda Ähtnama hem gol çekilendigini bellemek gerek. Şular bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýolagçylary hem-de ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-rus toparyny döretmek barada hem aýdylyp geçildi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň strategik ähmiýeti barada aýtmak bilen, bilelikdäki giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap geçdi.