Hoşniýetli goňşuçylyk — jebisligiň nusgasy

20 Dekabr 2022
443

Şatlykly wakalara, şanly senelere baý bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tamamlanyp barýan, täze — 2023-nji ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşy alynýan günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen taryhy duşuşyk — Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze ädim boldy.

Diňe bir türkmen halky däl, eýsem, doganlyk azerbaýjan hem-de türk halklary üçin hem örän ähmiýetli bolan bu wajyp wakanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçirilendigini bellemek buýsançly. Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşinde geçirilen sammit gelip çykyşy, ruhy we medeni kökleri bir, däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda meňzeşlikler bolan türki halklaryň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkdigini, mizemez hem dowamlydygyny ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, pikir we tejribe alyşmalar sebit ýurtlarynyň arasynda geljekde syýasy-diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy öňküden-de giňeltmäge mümkinçilik berer.

Jahan ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.