Türkmen kompaniýalary Alýat erkin ykdysady zolagyndan peýdalanmaga çagyrylýar

19 Dekabr 2022
424

Geçen ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan kenarynda Alýat erkin ykdysady zolagynyň düýbi tutuldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Awazada bolan üçtaraplaýyn sammitiň dowamynda bu erkin ykdysady zolagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga Türkmenistanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryny çagyrdy diýip, report.az habar berýär.

Azerbaýjan Lideriniň bellemegine görä, Bakuwyň Halkara deňiz porty ýylda 15 million tonna ýüki geçirmäge ukyply bolup, bu möçberi ýylda 25 million tonna ýetirmek boýunça serişdeleri bölüp bermek meýilleşdirilýär. Bu portdan ýükleri Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä tarap geçirmek üçin 2017-nji ýylda Baku — Tbilisi — Kars demir ýol geçelgesi hem açyldy. Bu demir ýol geçelgesiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak üçin hem ýene 100 million dollar gönükdiriler. Şeýlelikde, demir ýol geçelgesiniň ýük geçirijilik mümkinçiligi ýyllyk 1 million tonnadan 5 million tonna çenli ýokarlandyrylar.