"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Täze hyzmatdaşlyklara badalga

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, sergi dostlukly halklaryň arasynda uzak ýyllar bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna uly mümkinçilik döreder. Sergide goňşy ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de firmalarynyň öndürýän dürli görnüşli önümleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, nebit-himiýa, oba hojalyk, ylym-tehnika babatda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän diwarlyklar, «Razavi Hospital» lukmançylyk kompaniýasynyň we «Goldaneh Sahra», «Kianshargh» kompaniýalarynyň sergi bölümleri bu ýere gelýän myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döredýär. «Iran Khodro», «Tavan Energy Resources Development», «Adrian Shimi Arvand Co.», «Aria Baron», «Arman Sazeh Alamot», «Azar Rokesh» kompaniýalary bilen birlikde, «Firoozeh Tile Co.», «Mazeroon foam knowledge-based Ghaem Co.», «Palmiran Co.» kompaniýalarynyň öz önümlerini ýurdumyzda ilkinji gezek sergileýändigini aýratyn bellemelidiris.

Dialog — parahatçylygyň kepili

Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesiniň ynsanperwer garaýyşlara esaslanýandygy aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Ata-babalarymyz söweşip, ýeňiş gazanmakdan, parahatçylygy üpjün etmegiň has kämil taryhy tejribedigine göz ýetiripdirler. Parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanmagy, hemişelik Bitaraplygymyzyň datly miwesidir. Şunda ýurdumyzyň parahatsöýüjilik syýasaty halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginde tagallalaryň birleşdirilmegine ýardam berýär.

Dostlukly gatnaşyklaryň waspy

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär. Hususan-da, daşary syýasy ulgam ösdürilýär we täze derejelere çykýar. Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýokary derejä çykarmak, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistanyň dünýäniň 150-den gowrak döwletleri bilen dostlukly diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurt bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.

Medeniýet — milletiň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň ösüşine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet — halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...» ýaly ajaýyp kitaplary halkymyzyň we dünýä halklarynyň söýgüsine eýe bolup, kalplarda uly orun aldy. Şeýle ajaýyp kitaplaryň dünýä dillerine terjime edilmegi dünýä halklaryna türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Türkmen medeniýeti bu gün dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent at-abraýy hökmünde dünýä ýaň salýar. Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly medeni hyzmatdaşlygy artdyrýandygy, paýtagtymyzda we dürli künjeklerde halkara forumlaryň, festiwallaryň geçirilýändigi, dünýäniň ençeme ýurtlarynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, onuň çäklerinde türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralýandygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine itergi berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Eýranly önüm öndürijileriň sergisi iki goňşy ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki nobatdaky ädim bolup, geljegi uly birnäçe ugurlara täze itergi berdi. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi.

Köpugurly sergi: täze hyzmatdaşlyklara ýol

15-nji fewralda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi diwarlyklaryny goňşy ýurduň önüm öndürijileriniň, işewürleriniň iň zamanabap we ýokary hilli önümleri bezedi. Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly,  «Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletli geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär». Bu hakykat ýokary derejede guralan köpugurly sergide giň beýanyny tapdy.

Dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňelýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek arkaly, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Şu ýylyň 11-12-nji fewralynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerinde boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Ýürekdeş halklaryň hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, 12 — 14-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri boldy. Onuň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti Medeniýet günleriniň özboluşly başlangyjyna öwrülip, ýürekdeş halklary has-da ýakynlaşdyrdy. Düýn bolsa goňşy döwletiň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň bu sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar» diýen sözleri dostlukly halkyň möhüm çärelerini uly ruhubelentlige besledi. Türkmenistanyň hem-de Eýranyň medeniýet we sungat işgärlerini, döredijilik toparlaryny, suratkeşlerini, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlaryny bir döwrä jemlän bu özboluşly medeni baýram dostlukly ýurtlaryň täze taryhyny baýlaşdyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara medeni diplomatiýa ýola goýlup, ylmy maslahatlar, sungat ussatlarynyň döredijilik saparlary, sergiler, kino, Medeniýet günleri hem-de bilelikdäki beýleki çäreler guralýar. Bu çäreler parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyryp, umumydünýä siwilizasiýasyna ägirt uly

Türkmenistandan Türkiýä goşmaça ynsanperwerlik kömegi iberildi

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Türkiýäniň käbir welaýatlarynda bolup geçen ýer titreme zerarly ejir çekenlere goşmaça ynsanperwerlik kömegini iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken degişli Karary ýurduň resmi metbugatynda çap edildi.

Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň söwda we logistika merkezi döredilenden soňra ol Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler. Bu barada Russiýanyň Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynski ýekşenbe güni GTRK Lotos täzelikler teleýaýlymyna beren interwýusynda aýdylýar. Şeýle hem Ilýa Wolynski Astrahan portundaky türkmen merkeziniň taslamasynyň giňeldilendigini aýtdy.

Maksatlaryň birligi — bähbitleriň bitewüligi

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy köpugurly häsiýete eýe edýär Arap ýarymadasynyň demirgazyk-gündogarynda, Pars aýlagynyň kenarynda uly giňişlikde ýaýylyp ýatan Birleşen Arap Emirlikleri kimler üçin geljegiň we kaşaň ýaşaýşyň ýurdy, metjitdir minaralary, ak çägeli plýažlary, başy asmana direýän belent binalary, iri söwda merkezleridir myhmanhanalary bilen meşhurlyk gazanan dynç alyş zolagy bolsa, kimseler ony çölüň gursagynda jennet döredip, dünýäni haýran eden ýurt hasaplaýar. Hatda käbirleri Birleşen Arap Emirlikleri diýlende, diňe nebitdir ak lybasly adamlaryň, rekordlaryň şäheri Dubaýyň göz öňünde janlanýandygyny aýdýarlar. Zeminiň çar künjegine dost-doganlygyň köprülerini çekýän Türkmenistan üçin bolsa Ýakyn Gündogaryň bu ýurdy ygtybarly hyzmatdaş we gadyrly dostdur. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary hem gadyrly gatnaşyklary iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bütindünýä hökümet sammitine badalga berildi. Iki günläp dowam etjek bu giň gerimli duşuşyk «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda geçirilýär. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik edýär. Bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri Dubaýda her ýyl geçirilýän çäre bolup, ol hökümet işleri we syýasat barada ählumumy derejede özara gatnaşyklar üçin meýdança hökmünde, esasan, innowasiýalar baradaky meselä aýratyn ünsi çekýär. Şu ýylky duşuşyk bolsa dünýä döwletleriniň 20-siniň hökümet Baştutanlaryny, ministrleriň 250-ä golaýyny, 10 müň töweregi işewüri bir ýere jemledi. Sammit hökümet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylaryň, bilermenleriňdir hususy ulgamyň wekilleriniň arasynda bilim alyşmagyň merkezi hökmünde hereket edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş bolup, resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Eýrandan dogaýy salam getirdik»

Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär. Hepdäniň ýekşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan Medeniýet günleri iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hakyndaky hoş habary eşiden günümizden başlap, biz muňa uly höwes bilen taýýarlyk görüp başladyk. Bu dostlukly halkyň medeniýetine degişli maglumatlary toplamak, gazetimizde çap etmek işlerine girişdik. Şonda goňşy halkyň hem edil türkmen halkynyňky ýaly, taryhy köküni gadymyýetden alyp gaýdan baý medeniýetiniň bardygyna göz ýetirdik.

Gatnaşyklaryň möhüm sahypasy açylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerinde boldy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit, halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmaga esaslanýan ýokary derejedäki dialog ýardam berýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açýar.

Medeni hyzmatdaşlyk — ebedi dostluk

Türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 12-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.

Kola bankasyna meňzeş täze smartfon öndürildi

«Realme» hem-de «Coca-Cola» kompaniýalary bilelikde täze smartfon döretdiler. Kola bankasyny ýadyňa salýan täze önüme «Realme X Coca-Cola» at berdiler. Smartfonyň arka tarapyna «Coca-Cola» logotipli gyzyl plastik panel berkidilipdir. Bu aýratynlyklara gadjetiň oboý suratlarynda hem-de ses ulgamynda-da üns berlipdir. Has dogrusy, smartfony zarýada goýan halatyňda onuň ýüzünde köpürjikler peýda bolýar. Surata alanyňda bolsa, kola bankasyny açanyňdaky ýaly ses hem-de gazly suwuň pyşşyldysy eşidilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp, bu ýerde gümrük işiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin döredilen döwrebap şertler, gümrük amallaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, halkara ýük daşamalarynda TIR kitapçalarynyň resmileşdirilişi, üstaşyr ýükler barada deslapky maglumatyň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen ýakyndan tanyş boldular. Wekiliýetiň agzalary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda bolan söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça döredilen ýeňillikler dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem, sanly ulgama geçmek bilen bagly döredilen ýeňilliklerden peýdalanmagynyň oňyn netijeleri barada maglumatlary Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistana gelýän sürüjileriň dykgatyna ýetirmek hakynda netijä geldiler.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri ýokarlanýar

Sebitdir  yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag we logistika merkezi hökmünde ýurdumyz ulag-üstaşyr geçirijiliginde gümrük hyzmatdaşlygyny barha ýokarlandyryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ösdürmek, halkara ulag-logistika ulgamynda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köp ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyran möhüm başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň birnäçe möhüm başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe boldy. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwre laýyk derejede täzeden dikeldilmegine giň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ugrunda sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar, deňiz porty, demir ýollar we ýokary tizlikli awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa, Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňizler, Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça multimodal ýük gatnawlaryny amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýän üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde, sebitde we dünýäde halkara söwdany ösdürmekde ähmiýetini barha ýokarlandyrýar.