Türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

14 Fewral 2023
451

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bütindünýä hökümet sammitine badalga berildi. Iki günläp dowam etjek bu giň gerimli duşuşyk «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda geçirilýär. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik edýär.

Bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri Dubaýda her ýyl geçirilýän çäre bolup, ol hökümet işleri we syýasat barada ählumumy derejede özara gatnaşyklar üçin meýdança hökmünde, esasan, innowasiýalar baradaky meselä aýratyn ünsi çekýär. Şu ýylky duşuşyk bolsa dünýä döwletleriniň 20-siniň hökümet Baştutanlaryny, ministrleriň 250-ä golaýyny, 10 müň töweregi işewüri bir ýere jemledi. Sammit hökümet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylaryň, bilermenleriňdir hususy ulgamyň wekilleriniň arasynda bilim alyşmagyň merkezi hökmünde hereket edýär.

(Ýörite habarçymyz).