Medeni hyzmatdaşlyk — ebedi dostluk

13 Fewral 2023
484

Türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

12-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.

"Nesil".