Gatnaşyklaryň möhüm sahypasy açylýar

13 Fewral 2023
418

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerinde boldy

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit, halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmaga esaslanýan ýokary derejedäki dialog ýardam berýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açýar.

"Nesil".