Medeniýet — milletiň buýsanjy

16 Fewral 2023
466

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň ösüşine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet — halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...» ýaly ajaýyp kitaplary halkymyzyň we dünýä halklarynyň söýgüsine eýe bolup, kalplarda uly orun aldy. Şeýle ajaýyp kitaplaryň dünýä dillerine terjime edilmegi dünýä halklaryna türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Türkmen medeniýeti bu gün dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent at-abraýy hökmünde dünýä ýaň salýar.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly medeni hyzmatdaşlygy artdyrýandygy, paýtagtymyzda we dürli künjeklerde halkara forumlaryň, festiwallaryň geçirilýändigi, dünýäniň ençeme ýurtlarynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, onuň çäklerinde türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralýandygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine itergi berýär.

Altynjemal AÝNAZAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary.