Maksatlaryň birligi — bähbitleriň bitewüligi

14 Fewral 2023
389

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy köpugurly häsiýete eýe edýär

Arap ýarymadasynyň demirgazyk-gündogarynda, Pars aýlagynyň kenarynda uly giňişlikde ýaýylyp ýatan Birleşen Arap Emirlikleri kimler üçin geljegiň we kaşaň ýaşaýşyň ýurdy, metjitdir minaralary, ak çägeli plýažlary, başy asmana direýän belent binalary, iri söwda merkezleridir myhmanhanalary bilen meşhurlyk gazanan dynç alyş zolagy bolsa, kimseler ony çölüň gursagynda jennet döredip, dünýäni haýran eden ýurt hasaplaýar. Hatda käbirleri Birleşen Arap Emirlikleri diýlende, diňe nebitdir ak lybasly adamlaryň, rekordlaryň şäheri Dubaýyň göz öňünde janlanýandygyny aýdýarlar. Zeminiň çar künjegine dost-doganlygyň köprülerini çekýän Türkmenistan üçin bolsa Ýakyn Gündogaryň bu ýurdy ygtybarly hyzmatdaş we gadyrly dostdur. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary hem gadyrly gatnaşyklary iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».