Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri ýokarlanýar

12 Fewral 2023
384

Sebitdir  yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag we logistika merkezi hökmünde ýurdumyz ulag-üstaşyr geçirijiliginde gümrük hyzmatdaşlygyny barha ýokarlandyryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ösdürmek, halkara ulag-logistika ulgamynda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köp ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyran möhüm başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň birnäçe möhüm başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe boldy. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwre laýyk derejede täzeden dikeldilmegine giň ýol açýar. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ugrunda sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar, deňiz porty, demir ýollar we ýokary tizlikli awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa, Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňizler, Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça multimodal ýük gatnawlaryny amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýän üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde, sebitde we dünýäde halkara söwdany ösdürmekde ähmiýetini barha ýokarlandyrýar.

Mežnun Öräýew,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.