Dialog — parahatçylygyň kepili

16 Fewral 2023
402

Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesiniň ynsanperwer garaýyşlara esaslanýandygy aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Ata-babalarymyz söweşip, ýeňiş gazanmakdan, parahatçylygy üpjün etmegiň has kämil taryhy tejribedigine göz ýetiripdirler.

Parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanmagy, hemişelik Bitaraplygymyzyň datly miwesidir. Şunda ýurdumyzyň parahatsöýüjilik syýasaty halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginde tagallalaryň birleşdirilmegine ýardam berýär.

Soltanbibi EKEZOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.