Dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňelýär

15 Fewral 2023
594

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek arkaly, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Şu ýylyň 11-12-nji fewralynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerinde boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryldy.

«Esger».