Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary

13 Fewral 2023
437

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş bolup, resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Watan».