"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Dostluk köprülerini pugtalandyryp

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny, däp-dessurlaryň ýakynlygyny hem-de umumylygyny özünde jemleýär. Halklarymyzy medeni, ylym-bilim, edebi gatnaşyklar mäkäm baglanyşdyrýar. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri iki ýurt dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen, ony söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba we suw hojalygy, ylym, medeniýet, telekeçilik hem-de beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürip gelýär. Ýurtlarymyzyň arasynda 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlup, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri onuň esasyny düzýär. Bitarap Türkmenistana ýakyn dost, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýan doganlyk döwletiň ýurdumyz bilen BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki pikirdeşligi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady. Şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem yz

Sport diplomatiýasy dabaralanýar

Häzirki zaman dünýäsinde sport ulgamyndaky gatnaşyklar giň gerime eýe bolmak bilen, ol döwletleriň özara we halkara gatnaşyklarynda iň ýörgünli bolan diplomatiýanyň möhüm ugruna öwrülýär. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi bilen, Türkmenistan döwletimiziň durmuşynda öz mynasyp beýanyny tapýar. Golaýda Halkara futbol federasiýasynyň ― FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi dünýä sport jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň sport babatda alyp barýan diplomatik ugrunyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän wajyp ýagdaý boldy.

Türkmen futbolynda hyzmatdaşlyk

Ýakynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinony kabul etmegi türkmen futbolunyň geljekki ösüşleri, onuň halkara derejedäki ornunyň ýokarlanmagy babatdan alanyňda juda ähmiýetli boldy. Munuň şeýledigini milli assosiasiýalaryň 211-ini özünde birleşdirýän iň iri halkara futbol guramasynyň baştutanynyň sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygy, Türkmenistanyň bu babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändigi we ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan uly işleri goldaýandygy barada aýdanlary-da subut edýär. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda çagalar futbolynyň ösdürilmegi ugrunda aýratyn tagalla edilýändigine ünsüň çekilmegi hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikler barada durlup geçilmegi türkmen futbolunyň geljegine bolan ynamyň şaýadydyr. Munuň üçin düýpli esaslaryň mysal getirilmegi bolsa guwandyryjy ýagdaýdyr. Mysal üçin 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-iň FIFA bilen bilelikde guramagynda «Grassroots» futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futb

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

8-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbe, 8-nji maý (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Düzümi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine geldi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki geçiş nokadyndan geçirijilik ukybyny 12 esse artdyrar

Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap; aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder. Şunda Mangistau oblastynyň Döwlet girdejileri departamenti hereketiň doly ýapylmandygyny habar berýär. Döwrebaşlaşdyrma araçäkden geçmek wagtyny 25 minuda çenli kemeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbe, 8-nji maý (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Düzümi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine geldi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Türkmenistan — Russiýa: umumy taryh hakydada aýratyn orun eýeleýär

7-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Şunda 2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem duşuşyklaryň altysynyň geçirilendigi bellärliklidir. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da şol ýowuz ýyllarda Ýeňiş gazanmak ugrunda söweş meýdanlarynda ýurdy goranlara hem-de tylda janyny aýaman zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyranlara sarpa goýulýandygy bellenildi.

HALKARA ULAG FORUMY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANDY

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 3 – 4-nji maýda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahaty we sergi üstünlikli geçirildi. Bu foruma dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary (BMG, ESCAP, ÝHHG, USAID, IRU, TRACECA), milli we halkara ulag we logistika kompaniýalaryň, senagat zolaklaryň, iri halkara maliýe guramalaryň (Alibaba, MAERSK, Lufthansa, MaxFlight, Airbus, Boeing, Flydubai, General Electric, Toyota, SpaceX, RŽD, KTZ Express we başgalar) ulag ugrundaky abraýly bilermenleri bar.

Türkmenistan — logistikanyň altyn halkasy

Paýtagtymyzda maý aýynyň başynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahaty hem-de sergi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda bilermenleriň, maýa goýujylaryň, alymlaryň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, birnäçe ýörite düzümleriň wekilleridir ýolbaşçylarynyň bolmagy forumyň ähmiýetiniň uludygyndan habar berýär.

Ykdysadyýetde demir ýol ulagynyň orny

Gijä galmajak bolup, ýarym sagat çemesi ir bararsyň. Wagona müneniňden soňam gapylardaky belgilere seredip, öz ornuňy gözlärsiň. El goşuňy oturylýan-ýatylýan ýeriň aşagyna goýup, ýerleşeniňden soňra, ynjalarsyň. Tekerleriň «şak-şaky» gulagyňa ýoluň başlanandygynyň buşlukçysy bolup eşidiler. Ýol üçin alan şöhlatdyr gowurdagyňy, çöregiňi, atymlyk çaýyňy çykaryp, höwes bilen wagonyň äpişgesinden tükeniksiz alaňly sähralary synlap, barjak ýeriň, etsem-goýsamlaryň hakdaky süýji oý-hyýala batarsyň. Küpedeşiň alçak adam bolsa-ha uzak ýoluň gysgalan ýaly bolaýýar. Şeýde-şeýde Gün ýagşy batandan soňra, «şyk-şyk» seni hüwdülän ýaly bolup ugrar. Meýmiräp, gözüňi ýumarsyň weli, sallançaga salnana dönersiň. Ýolbelediň «Turuň, gelmeli ýerimize golaýladyk» diýen sesine süňňüýeňillik bilen gözüňi açarsyň. Dünýä belli adamlar otlynyň tekerleriniň sesiniň şeýle meýmirediji lezzet berýändigini ýazyp gidipdirler.

ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY

Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, täze sepgitlere ýetýär. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da, ulag ulgamynda hem gazanylýar. Baky Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça netijeli işleri Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. 2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri» atly tema boýunça çykyş etdi. Çykyşda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere aýratyn üns çekildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 69 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den, Özbegistandan, Gonkongdan we Türkiýeden gelen telekeçiler awtobenzini, dizel ýangyjyny, awiakerosini we nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 78 million 89 müň 475 amerikan dollaryna deň boldy.

ITTC-2023 ulag forumynyň çäklerinde 30-a golaý resminama gol çekildi

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş— 2023» maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen dürli resminamalaryň otuza golaýyna gol çekildi.   «Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabadayň halkara howa menzilinde, Türkmenbaşynyň we Türkmenabadyň halkara howa menzillerinde ýük ammarlaryna hyzmat etmek boýunça Germaniýanyň Lufthansa Consulting GmbH  kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdi.

Owganystan sebitara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin demir ýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

Bu demir ýol ulgamy Gündogar Aziýany Eýran, Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän Owganystanyň dokuz welaýatynyň 37 sany etrabyndan geçer.  Owganystan sebitara gatnaşygyny we üstaşyr gatnawlary ýokarlandyrmak maksady bilen uly göwrümli demirýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Ykdysady işler boýunça wise-premýeriniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi geçen hepde habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

London — Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz enesi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy zerarly iberen gynanç hatlary üçin dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy

Aşgabat — London, 5-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Döwletara gatnaşyklarda milli däplere sarpa

«London is the capital of Great Britain» diýen jümle orta mekdepde geçilýän iňlis dili dersi arkaly biziň ählimize juda tanyşdyr. Iňlis diliniň watanynyň — Beýik Britaniýanyň paýtagty London, hakykatdan-da, Ýer ýüzüniň iň meşhur şäherleriniň biri. Ilat sany 9 milliona golaýlaýan bu şäher ululygy boýunça Ýewropanyň iň iri üçünji şäheridigi bilenem, Birleşen Patyşalygyň esasy syýasy, ykdysady we medeni merkezi hasaplanýandygy bilenem, haýran galdyrýan täsin künjekleri bilenem syýahatçylardyr jahankeşdeleriň arasynda uly meşhurlyga eýe. Bu gün hem dünýäniň nazary ýene Londonda jemlenýär. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä täç geýdirmek mynasybetli Westminster buthanasynda guraljak dabara görülýän taýýarlyk indi ýedi aý bäri halkara habarlar gulluklarynyňam üns merkezinden düşmän gelýär. Häzirki zaman dünýäsinde Ýer togalagynda 200-den gowrak ululy-kiçili döwlet bar. Şolaryň 193-si bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen garaşsyz ýurtlar hasaplanýar. Adamlaryň biri-birine meňzemeýşi ýaly, her döwletiňem özüne mahsus aýratynlyklary, däp-dessurlarydyr milli gymmatlyklary bar. Prezident respublikasy görnüşinde dolandyrylýan ýurtlarda döwlet Baştutanynyň wezipä girişmek dabarasyna (inaugurasiýa) uly ähmiýet berlişi ýaly, monarhiýa döwlet gurluşly ýurtlarda-da Patyşa täç geýdirmek dabarasy möhüm wakala

Janni INFANTINO: — FIFA Futboly ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Mälim bolşy ýaly, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda boldy. Saparyň dowamynda myhman bilen Aşgabat täsirleri barada pikir alyşdyk. — Jenap Infantino, Aşgabatda hoş gördük! Paýtagtymyz sizde nähili täsir galdyrdy?