Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

8 Maý 2023
2178

London — Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.