Türkmen futbolynda hyzmatdaşlyk

9 Maý 2023
287

Ýakynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinony kabul etmegi türkmen futbolunyň geljekki ösüşleri, onuň halkara derejedäki ornunyň ýokarlanmagy babatdan alanyňda juda ähmiýetli boldy. Munuň şeýledigini milli assosiasiýalaryň 211-ini özünde birleşdirýän iň iri halkara futbol guramasynyň baştutanynyň sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygy, Türkmenistanyň bu babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändigi we ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan uly işleri goldaýandygy barada aýdanlary-da subut edýär.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda çagalar futbolynyň ösdürilmegi ugrunda aýratyn tagalla edilýändigine ünsüň çekilmegi hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikler barada durlup geçilmegi türkmen futbolunyň geljegine bolan ynamyň şaýadydyr. Munuň üçin düýpli esaslaryň mysal getirilmegi bolsa guwandyryjy ýagdaýdyr. Mysal üçin 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-iň FIFA bilen bilelikde guramagynda «Grassroots» futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Töre ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.