Sport diplomatiýasy dabaralanýar

9 Maý 2023
299

Häzirki zaman dünýäsinde sport ulgamyndaky gatnaşyklar giň gerime eýe bolmak bilen, ol döwletleriň özara we halkara gatnaşyklarynda iň ýörgünli bolan diplomatiýanyň möhüm ugruna öwrülýär. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi bilen, Türkmenistan döwletimiziň durmuşynda öz mynasyp beýanyny tapýar.

Golaýda Halkara futbol federasiýasynyň ― FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi dünýä sport jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň sport babatda alyp barýan diplomatik ugrunyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän wajyp ýagdaý boldy.

Eziz ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.