Dostluk köprülerini pugtalandyryp

10 Maý 2023
406

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny, däp-dessurlaryň ýakynlygyny hem-de umumylygyny özünde jemleýär. Halklarymyzy medeni, ylym-bilim, edebi gatnaşyklar mäkäm baglanyşdyrýar. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri iki ýurt dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen, ony söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba we suw hojalygy, ylym, medeniýet, telekeçilik hem-de beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürip gelýär.

Ýurtlarymyzyň arasynda 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlup, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri onuň esasyny düzýär. Bitarap Türkmenistana ýakyn dost, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýan doganlyk döwletiň ýurdumyz bilen BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki pikirdeşligi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady. Şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem yzygiderli berkidilip, bu babatda geçen ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çägindäki özara gepleşiklere aýratyn orun degişlidir.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».