Türkmenistan — Russiýa: umumy taryh hakydada aýratyn orun eýeleýär

8 Maý 2023
369

7-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Şunda 2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem duşuşyklaryň altysynyň geçirilendigi bellärliklidir. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da şol ýowuz ýyllarda Ýeňiş gazanmak ugrunda söweş meýdanlarynda ýurdy goranlara hem-de tylda janyny aýaman zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyranlara sarpa goýulýandygy bellenildi.

«Nesil».