Türkmenistan — logistikanyň altyn halkasy

8 Maý 2023
411

Paýtagtymyzda maý aýynyň başynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahaty hem-de sergi geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda bilermenleriň, maýa goýujylaryň, alymlaryň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, birnäçe ýörite düzümleriň wekilleridir ýolbaşçylarynyň bolmagy forumyň ähmiýetiniň uludygyndan habar berýär.

Söhbetdeşligi guran, Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
«Biznes reklama».