Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

8 Maý 2023
1378

Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz enesi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy zerarly iberen gynanç hatlary üçin dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.