Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

9 Maý 2023
310

8-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).