ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY

8 Maý 2023
371

Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, täze sepgitlere ýetýär. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da, ulag ulgamynda hem gazanylýar. Baky Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça netijeli işleri Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär.

2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri» atly tema boýunça çykyş etdi. Çykyşda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere aýratyn üns çekildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi.

Ýupar EGIRJÄÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.