"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açyldy

Düýn Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Soňra bu ýere gelen myhmanlar täze binada hünärmenleriň işlemegi, medeniýetli dynç almagy, maslahatlardyr mejlisleri geçirmek üçin döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdylar. Binanyň Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyz Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek.

Goňşuçylyk gatnaşyklarynda şanly sahypa

Halkymyzda «Goňşy goňşa söýget, il — ile» diýen söz bar. Durmuşy inçelik bilen yzarlap, ähli zady öz ýerinde goýup bilen halkymyzyň milli ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillere geçirilip gelinýär. Bu goňşuçylyk babatda-da şeýle. Duldegşir iki goňşynyň has ýakyn garyndaşlardan ileri durup, birek-birege: «Sen dur, men ýeteýin!» diýip, iki öýüň gatnaşyklaryny ýokary derejede sazlap durmagy halkymyzyň goňşuçylyk ýörelgelerine has ygrarlydygyny aňladýar. Durmuş ýörelgeleriniň döwletleriň, halklaryň gatnaşyklaryna-da täsir etmegi adaty zat däl-de, ata-babalarymyzdan gelýän durmuş sapaklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gymmatyna uly ähmiýet beripdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem öňden gelýän gadyrly goňşulary has-da jebisleşdiren taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri. Iki dostlukly döwleti diňe geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, öňden gelýän gadyrly gatnaşyklar, taryhy-medeni kökler has-da ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Eýran bilen gatnaşyklarymyz diňe bir özara bähbitlilik esasynda däl, eýsem, sebitde abadançylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Eýran

Hoşniýetli goňşuçylygyň kämil nusgasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 30 – 31-nji maýynda  Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary ata Watanymyzyň  oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň dabaralanmasy boldy. Ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklarynda  ýola goýlan söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyklar oňyn netijeler esasynda yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Türkmen-eýran gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýolunda

Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran dürli ugurlar boýunça iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki ýurduň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar bilen pugtalandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem bu ugurdaky özara hereketlere kuwwatly itergi bermekde möhüm ädime öwrüldi. Saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. Duşuşykda sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişlikde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi.

Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçmişde Gündogaryňdyr Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyryp, adamzadyň ösüşine goşmaça bat beren Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýerinde — Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirildi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň taryhynda täze eýýamy açan bu altytaraplaýyn duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, çuň manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň sebitiň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlere jogapkärli çemeleşýändiginiň, dostluk köprüleriniň binýadyny berkitmäge ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmen-hytaý dialogy dowam etdirilýär

«DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI»: özara düşünişmegiň täze filosofiýasy

Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, dünýäde abadançyly- gyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda özara netijeli hyzmat daşlygy giňeltmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Döwletimiz dünýä syýasatynyň gün tertibinde du- ran gaýra goýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda kesgitleýji orunlaryň birini eýele- ýär. Türkmenistan bu meselelere örän jogapkärli çemeleşmek bilen, durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzly- ga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyra- syna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birle şen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurla rydyr. BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga

Eýranyň diplomaty: Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe giriziler

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy boýunça meseleler bölüminiň baş müdiri Alireza Enaýati geljekde Omany, Eýrany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän ulag geçelgesiniň işe giriziljekdigini habar berdi. Bu barada Eýranyň “Tehran Times” gazeti sişenbe güni habar berdi. Alireza Enaýati IRNA agentligine beren interwýusynda Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saidiň Tährana amala aşyran sapary barada aýdyp, geçen ýyl Eýran bilen Omanyň arasyndaky söwdanyň 2 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Tähran — Aşgabat, 31-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 30-njy maýda Tähranda Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy girizildi. Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara dialoga berk ygrarlydyklaryny görkezdi. Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalar toplumyna gol çekildi, Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Jarnamada iki dostlukly goňşy ýurduň geljekde-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalary tassyklanylýar.

Halklary dostlaşdyrýan sungat

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň halklary bilen dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, hoşmeýilli garaýyşlara esaslanýan medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär we pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris. Biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip belleýär. Türkmen halkynyň ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän medeni däpleri halklary, döwletleri dostluga, jebislige, hoşniýetli gatnaşyga çagyrýar. Dana pederlerimiz miras goýan baý halk döredijiliginde tutuş adamzadyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatly düşünjeleri, belent ynsanperwer pikir-garaýyşlary beýan edipdirler. Biziň ajaýyp zamanamyzda umumy taryhy bitewüligi bolan doganlyk halklaryň dostlukly, hoşmeýilli hyzmatdaşlygy barha berkeýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşdy

Şu gün, 31-nji maýda Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak babatda gepleşikleri geçirdi. Ýokary derejedäki gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyz: “Eýran bilen Türkmenistanyň diňe bir ýakyn goňşy däl, eýsem hakyky doganlyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlar we halklar bolup durýandygymyzy bellemek isleýärin” diýip belledi.

Dünýä uzaýan ak ýollar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm ähmiýeti bolan netijeli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda öňe sürülýän syýasatyň diňe bir Türkmenistanyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy pikirleriniň, meýilleriniň hem nazara alynýandygyny, parahatçylykly ösüşlere ygrarlydygyny äşgär edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende galdyrdy, sebitiň we dünýäniň ösüşine uly täsir edýän beýik başlangyçlaryň we döredijiligiň kuwwatly güýjüni äleme äşgär etdi. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda sebitiň we dünýäniň ösüşinde möhüm ähmiýetli, umumadamzat bähbitli ençeme iri möçberli taslamalar işjeň amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan häzirki wagtda ählumumy halkara hyzmatdaşlygynda barha giň gerime eýe bolýan täze ugruny — ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm ähmiýetli başlangyçlar bilen hem yzygiderli çykyş edýär. Dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurd

Ulag ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň çar künjeginden dünýäniň ýedi yklymyna uzaýan dostluk ýollary bu gün parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň ýoly bolup, döwrüň belent ruhuny alamatlandyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ykdysady taýdan amatlydygy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda, gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ähmiýetli boljakdygy ikuçsuzdyr. Demir we howa ýollary ulgamynda hem ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtamak gerek. Bu babatda aýdylanda, soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen Demirgazyk — Günorta demirýol geçelgesiniň, Tejen — Sarahs — Maşat, Serhetabat — Turgundy, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ýaly ugurlar boýunça açylan demir ýollaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu halkara derejeli ýollaryň ýükleri daşamakda çäginden geçýän döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitlidigi bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ulag geçelgeleriniň döredilmegi diňe ýurtlaryň ykdysady taýdan öňe gitmegine şert döretmän, eýsem medeni, ynsanperwer, söwda, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine hem uly ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda birnäçe oňyn baş

Gahryman Arkadagymyz «Mapna Group» senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy we olaryň öndürýän önümleri bilen ýakyndan tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy. Şeýle-de toplumyň howlysynda öndürilýän enjamlaryň we önümleriň sergisi bilen tanyşdy. Senagat toplumynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde nebit-himiýa, elektroenergetika ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. EYR-nyň bu iri senagat toplumy bu ugurda Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygy duşuşykda bellenildi. Häzir bu toplumyň garamagynda 77 sany şereket hereket edýär.

Türkmenistan TRASEKA goşulmak boýunça işlere badalga berdi

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli guramanyň doly agzasy hökmünde TRASEKA goşulmagy meýilleşdirýär. Bu babatdaky işlere eýýäm girişildi diýip, «Trend.az» Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewe salgylanyp habar berdi. «Ýaňy-ýakynda biz gurama goşulmak boýunça işleriň başyny başladyk. Biz bu ädime we umuman, TRASEKA bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris, bu ileri tutulýan ugurlaryň biridir» diýip, Annaýew belleýär.

Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen

Aşgabat — Tähran, 30-njy maý (TDH). Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan – Eýran Yslam Respublikasy: nebit-himiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Bu sapar ilkinji gününden netijeli häsiýete eýe boldy. Geçirilen gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, nebit-himiýa pudagynda degişli önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda EYR-y bilen gatnaşyklaryň möhüm ädimleri kesgitlenildi. Munda Pars aýlagynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulyp bilner. Häzirki wagtda bu dostlukly döwlet Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäginde Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň çäginde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi dogrusynda pikir alşyldy. EYR-nyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwlete amala aşyran saparynyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Bu saparda birnäçe ylalaşyklar baglanyşylyp, uly üstünliklere ýetildi.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we Bilelikdäki Jarnama kabul edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na amala aşyrýan saparynyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalar:

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär. Saparyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibaf bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp. Dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda gepleşikleri geçirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün, 30-njy maýda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklygy kesgitlemek boýunça geňeşiniň Başlygy Sadeg Amoli Larijani bilen duşuşdy. Duşuşyk örän ýokary derejede geçdi.