Ulag ulgamynyň ösüşleri

31 Maý 2023
568

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň çar künjeginden dünýäniň ýedi yklymyna uzaýan dostluk ýollary bu gün parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň ýoly bolup, döwrüň belent ruhuny alamatlandyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ykdysady taýdan amatlydygy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda, gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ähmiýetli boljakdygy ikuçsuzdyr. Demir we howa ýollary ulgamynda hem ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtamak gerek. Bu babatda aýdylanda, soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen Demirgazyk — Günorta demirýol geçelgesiniň, Tejen — Sarahs — Maşat, Serhetabat — Turgundy, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ýaly ugurlar boýunça açylan demir ýollaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu halkara derejeli ýollaryň ýükleri daşamakda çäginden geçýän döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitlidigi bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ulag geçelgeleriniň döredilmegi diňe ýurtlaryň ykdysady taýdan öňe gitmegine şert döretmän, eýsem medeni, ynsanperwer, söwda, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine hem uly ýardam edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamyna degişli 5 sany Kararnamanyň kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleriniň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Berdi MYRADOW,
Daşoguz «Demirýollary» gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.