ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açyldy

2 Iýun 2023
465

Düýn Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.

Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Soňra bu ýere gelen myhmanlar täze binada hünärmenleriň işlemegi, medeniýetli dynç almagy, maslahatlardyr mejlisleri geçirmek üçin döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdylar. Binanyň Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyz Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».