Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda täze sahypa

1 Iýun 2023
484

Şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçmişde Gündogaryňdyr Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyryp, adamzadyň ösüşine goşmaça bat beren Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýerinde — Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirildi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň taryhynda täze eýýamy açan bu altytaraplaýyn duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, çuň manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň sebitiň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlere jogapkärli çemeleşýändiginiň, dostluk köprüleriniň binýadyny berkitmäge ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen-hytaý dialogy dowam etdirilýär